DÜNÝÄ

«Formula-1-iň» ýene üç tapgyry ýatyryldy

«Formula-1» Azerbaýjandaky, Singapurdaky we Ýaponiýadaky tapgyrlaryň hem ýatyrylandygyny habar berdi. Koronowirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda geçirilmegi bes edilen ýaryşlaryň hataryna, şeýlelikde, ýene-de üçüsi goşuldy diýip, onuň ýolbaşçylary habar berdiler.

Baku we Singapurdaky ýaryşlar emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara ýaryşlara taýýarlyk görmegiň mümkin däldigi üçin ýatyryldy. Ýaponiýadaky tapgyryň ýatyrylmagyna bolsa syýahatçylyk boýunça çäklendirmeleriň girizilmegi sebäp boldy.

Şeýlelikde, şu ýyl ýatyrylan «Formula-1» tapgyrlarynyň sany 7-ä çykdy. Mundan ozal Awstraliýa, Monako, Fransiýa we Niderlandlardaky tapgyrlar hem ýatyrylypdy.

«Formula-1-iň» täze möwsümi 5-nji iýuldan başlanar. Çempionatyň birinji we ikinji tapgyrlary Awstriýada geçiriler. Soňra ýaryş Wengriýa, Beýik Britaniýa, Ispaniýa, Belgiýa we Italiýa tapgyrlary bilen dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Gyrgyzystanyň energetika ministri bilen duşuşdy

Türkmen-azerbaýjan gümrük hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Trampyň Türkiýä ilkinji resmi sapary