DÜNÝÄ

Gonkongda uzynlygy 5,5 kilometrlik suwasty geçelge işläp başlady

Gonkongda awtoulaglar üçin täze suwasty geçelge açyldy. Bu barada Gonkongyň ulag müdirliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, bu geçelge uzynlygy boýunça-da, çuňlugy boýunça-da Gonkongdaky iň uly suwasty geçelgedir. Has takygy, onuň uzynlygy 5,5 kilometre, çuňlugy bolsa 60 metre ýetýär. Täze geçelge Tunmun we Lantao şäherleriniň aralygyny ozalkysyndan ep-esli ýakynlaşdyrdy.

Gurluşygy ýedi ýyllap dowam eden geçelge üçin 6,1 milliard dollar serişde sarp edildi.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Ata Watan Eserleri

Ozalky döwlet münberi işewürleri kabul ediş merkezine öwrüler

Grenlandiýa ilkinji gezek ýagyş ýagdy