SPORT

Poçettino “PSŽ”-niň täze tälimçisi

“PSŽ” futbol topary ýaňy-ýakynda 2018-nji ýyldan bäri toparyň tälimçi wezipesini ýerine ýetirip gelen Tomas Tuhel bilen hoşlaşypdy. Käbir köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, toparyň tälimçi wezipesine Massimiliano Allegri ýa-da Maurisio Poçettino gelip bilerler.

Häzirki wagtda bolsa toparyň ýolbaşçylary Maurisio Poçettino tälimçi wezipesine bellediler diýip, Gazeta.ru habar saýty habar berýär. Poçettino 48 ýaşyndaky tejribeli tälimçi hasaplanylýar. Mundan öň ispaniýanyň  “Espanýol” futbol toparynda we Angliýanyň “Tottenhem” futbol toparynda tälimçilik edipdi. Hatda 2018/2019 futbol möwsüminde “Tottenhem” futbol topary bilen Çempionlar ligasynyň final duşuşygyna çykyp, topara kümüş medalyny hem gazandyrmagy başardy.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Related posts

57 ýyldan soňra uly hasaply ýeňiş

Ronaldo 700-nji goluny geçirdi

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy