DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda halkara simpoziumyna gatnaşdy

Tokio şäherinde Suw meseleleri we tebigy betbagtçylyklar boýunça halkara simpoziumy geçirildi. Simpoziumyň işine döwlet düzümleriniň, halkara guramalarynyň, hususy kompaniýalaryň we raýat jemgyýetiniň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de “Türkmensuwylmytaslama” Türkmen döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama instutytynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem gatnaşdy.

Günüň ikinji ýarymynda “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde suw meseleleri boýunça bilermenleriň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara forumlarynyň belent münberlerinde öňe süren suw serişdelerini goramak we oýlanşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlary barada gürrüň berdiler. Hususan-da, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi gazanmak nukdaýnazaryndan suw serişdeleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, serhetüsti suw hyzmatdaşlygy sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmekde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Suw meselesiniň howanyň ählumumy üýtgemegi bilen baglylykda has möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy, şol sebäpden hem suw serişdelerinden aýawly we oýlanyşykly peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy