DÜNÝÄ

Hytaý 15 ýyldan bäri Türkmenistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy HHR-iň döredilmeginiň ýetip gelýän 77 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirdi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär

Dabarada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin çykyş etdi. Türkmenistanyň Hökümetine wekilçilik edip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.

Dabaraly çäre Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky çuňňur dostlukly gatnaşyklaryň nobatdaky nyşany boldy, şeýle hem iki ýurduň arasynda giň gerimli ykdysady we durmuş-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň netijelerini beýan etmäge mümkinçilik berdi.

Hytaý 15 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşy derejesini saklap gelýär. Raşid Meredow şeýle belledi: «Hormatly jenap ilçiniň hem aýdyşy ýaly, ikitaraplaýyn söwdanyň umumy möçberi köp ýyllaryň dowamynda her ýylda 10 milliard amerikan dollary derejesinde saklanyp gelýär. Şu ýylyň 7 aýynyň görkezijilerini alsak, ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi 6 milliard ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Taraplar demir ýol ulaglary, raýat awiasiýasy, şeýle hem «Gündogar — Günbatar» ugry boýunça üstaşyr geçelgeleri ösdürmek babatda hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda ilkinji gezek Hytaýyň ýokary hasylly gowaça sortlarynyň synag ekişleri geçirildi.

Ynsanperwer gatnaşyklar hem depginli ösdürilýär. Häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde 9300-den gowrak türkmen talyby bilim alýar. Türkmenistanda bolsa 9 ýokary okuw mekdebinde 1000-e golaý talyp we 10 orta okuw mekdebinde 6000-den gowrak okuwçy hytaý dilini öwrenýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda «Lu Ban ussahanasynyň», şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde adaty Hytaý lukmançylygy merkeziniň açylmagy amaly ylmy-bilim alyşmalaryny berkitmekde möhüm ädim boldy.

Related posts

40 ýyldan soň: ÝUNESKO-nyň mejlisi Samarkantda geçiriler

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedowy gutlady

Täze ýylyň ilkinji güni 370 müň bäbek dünýä indi