DÜNÝÄ

Türkmenistan GDA-nyň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Bu halkara çärä  Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Mejlisiň barşynda migrasiýa akymlaryna gözegçilik etmek we bikanun migrasiýa garşy göreşmek üçin häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyş edip, hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary we olaryň düzümleri bilen durmuşa geçirýän ähmiýetli işleri, ýurdumyzyň toplan oňyn tejribeleri barada nygtap geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Mejlisiň 2027-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynyň taslamasy babatda özara maslahatlaşyp, migrasiýa çygryndaky gatnaşyklary dowamly alyp barmak boýunça ähli tagallalary etjekdiklerini nygtadylar.
Gullugymyzyň wekilleriniň migrasiýa meseleleri babatynda geçirilýän köp sanly halkara maslahatlara, duşuşyklara, forumlara we halkara çärelere işjeň gatnaşmagy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Related posts

Türkmenbaşı-Garaboğaz-Kazakistan Karayolu İnşası

vepa

Türkmenistanyň wekiliýeti ikinji Meýletin milli syny hödürledi

Türkmenistan çagalara sanjym geçirmekde Merkezi Aziýada öňde barýar