BIZNES

Türkmenistan ýaşyl energiýany Transhazar geçelgesi arkaly eksport edip biler

Türkmenistan özüniň «ýaşyl energiýa» serişdelerini Transhazar ýaşyl energiýa geçelgesi arkaly eksport edip biler.

“Repor”t agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Orhan Zeýnalow Bakuda geçirilen II Azerbaýjan halkara maýa goýum forumynda habar berdi.

Onuň bellemegine görä, sebitde häzirki wagtda düýpli özgerişler bolup geçýär: «Taryhda ilkinji gezek Azerbaýjan C5+ ýurtlarynyň (Merkezi Aziýa ýurtlarynyň) energetika ministrleriniň mejlisine ýörite myhman hökmünde gatnaşdy we Maslahat beriş geňeşiniň agzasy boldy. Şeýlelikde, C5 formaty iş ýüzünde C6 görnüşine geçýär. Bu bolsa energetika ulgamyndaky özara baglanyşyklaryň ählisine, taslamalara, energiýany geçirmek boýunça sebitara serhetüsti başlangyçlara we Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlyga bitewi görnüşde garamaga mümkinçilik berýär. Biz taryhda ilkinji gezek Merkezi Aziýa bilen Azerbaýjanyň arasynda köpri gurýarys. Gürrü​​ň Transhazar ýaşyl energiýa geçelgesi barada barýar».

«Mysal hökmünde Gazagystandan amala aşyrylmagy mümkin bolan üstaşyr geçirmeleri görkezmek bolar. Bu ugurda gowy öňegidişlik bar, işler konsorsium derejesinde alnyp barylýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň “ýaşyl serişdeleriniň” mümkin bolan üstaşyr geçirilmegi hem munuň bir bölegine öwrülip biler. Meniň pikirimçe, elektrik energiýasyny geçirmek boýunça bu taslamanyň netijesinde biz Azerbaýjan bilen Merkezi Aziýanyň arasynda täze mümkinçilikleriň gapysyny açyp bileris» diýip, ol aýtdy.

Related posts

Bağımsızlık Anıtına çelenk konuldu

vepa

“Fitch Ratings” halkara agentligi Türkmenistanyň reýtingini ýokary galdyrdy

“GaffneyCline”: Türkmenistanyň energetikasy ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar

Ata Watan Eserleri