BIZNES

Türkmenistanda täze himiýa zawodlary gurlar

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze himiýa zawodlary gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda belledi.

– Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumy, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär – diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ygtybarly ibermek, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýändigini belläp, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda döwrebap, köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi energetika pudagynyň mümkinçiliklerini has-da artdyrjakdygyny, häzirki wagtda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär