BIZNES

Türkmenistan Orta geçelgäni ösdürmekde toplumlaýyn çemeleşmäge çagyrdy

Orta geçelgäniň bäsdeşlige ukyplylygyna diňe aýry-aýry infrastruktura desgalaryny kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan däl-de, toplumlaýyn baha bermek zerurdyr.

“Report” agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew II Azerbaýjan halkara maýa goýum forumynda (AIIF 2026) çykyş edip aýtdy.

«Orta geçelgäniň bäsdeşlige ukyplylygyna toplumlaýyn garamak gerek. Bu diňe bir infrastrukturanyň aýry-aýry böleklerini kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem bitewi, utgaşdyrylan we öňünden çaklap bolýan ulag-logistika ulgamyny kemala getirmegi hem göz öňünde tutýar» diýip, P. Ýagşyýew belledi.

Ol bu ugruň ösdürilmeginiň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda demir ýol we awtomobil ýollaryny, portlary hem-de terminallary öz içine alýan fiziki infrastrukturany döwrebaplaşdyrmagy, şeýle hem olaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmagy görkezdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň ministriniň orunbasary ýük daşamalaryň tizligini ýokarlandyrmagyň we olaryň möhletleriniň öňünden çaklanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi: «Bu wezipäni amala aşyrmak üçin nyrh syýasatyny, hereket tertibini we ýükleri işlemek bilen bagly düzgünleri utgaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr».

Related posts

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler

Afganistan Türkmenistan’ın yardımıyla yurtdışı ihracatına başladı

vepa

Türkmen ykdysadyýeti: Jemi içerki önüm

Ata Watan Eserleri