JEMGYÝET

«Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynda millionlarça gektar öri meýdanlaryny döreder

Deslapky hasaplamalara görä, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň we oňa barýan akabalaryň täsiriniň ýetýän meýdany millionlarça gektar bolup, bu suw desgalary sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulaşmagyna oňaýly täsirini ýetirýär ― diýlip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýurdumyzyň tebigy şertlerinde dowarlar hem düýeler öri mallary hasaplanylýar we olar bütin ýylyň dowamynda Garagum sährasynda bakylýar. Öri meýdan şertlerinde mallardan ýokary önüm almak, olaryň baş sanyny abat saklamak we artdyrmak üçin mallaryň ot-iým üpjünçiligi bilen deň derejede ýeterlik suw üpjünçiligi hem hökmany şertleriň biridir. Ýüzýyllyklaryň dowamynda biziň tebigy çöllük örülerimiz, esasan, guýularyň kömegi bilen suwlulandyrylyp gelindi.

Ýöne öri meýdanlarynyň belli bir böleginde, ylaýta-da, Garagum sährasynyň demirgazyk böleginde, ýerasty suwuň aşa duzlulygy, ýa-da örän çuň gatlaklarda ýerleşýändigi sebäpli, guýy gazmak usuly bilen suwlulandyrmaga mümkinçiligi bolmandygy üçin doly derejede ulanylman galýan millionlarça gektar öri meýdanlary hem bardy.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy bilen, şol meýdanlardan köle barýan köp sanly zeý suw akabalarynyň geçmegi ol örüleriň aglaba bölegini suw bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi, elbetde, millionlarça gektar öri meýdanlaryny has netijeli ulanmaga hem-de ýakyn ýyllarda bu sebitlerde mallaryň baş sanyny has-da köpeltmäge zerur şertleriň döredilýändigini aňladýar.

Ýene-de okaň

Özbek Liderinden Milli Liderimize minnetdarlyk haty

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidenti Awazadaky forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

“Makul habar” elektron gazeti: BMG-niň Awaza forumyna bagyşlanan ýörite sany

“Ata Watan Media” topary BMG-niň Awaza forumyny gyzgyny bilen okyjylara ýetirdi

BMG-niň Awaza forumy tamamlandy: deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin täze durmuşyň başlangyjy boldy