JEMGYÝET

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

Häzirki wagtda «Sarahs», «Artyk», «Howdan» we «Altyn Asyr» gümrük nokatlaryndan ulaglaryň we ýükleriň geçirilmegi dowam edýär. Bu gümrük nokatlary ulag geçirijilik mümkinçiligine görä, doly kuwwatynda işleýär. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem, gümrük nokatlaryň çäklerinde ulaglaryň we ýükleriň çalt geçirilmegi hem-de nobatlaryň döremeginiň öňüni almak üçin işler ýokary derejede alnyp barylýar. Bu bolsa, ýurdumyzdan eksport edilýän ýa-da daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň öz wagtynda alyjylary gowuşmagynda örän ähmiýetli bolup burýar.

 Türkmen-eýran serhedindäki gümrük nokatlary ýükleriň üstaşyr  geçirilmeginde hem ähmiýetli uly hasaplanylýar. Häzirki wagtda bu gümrük nokatlaryň üsti bilen Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we başga-da birnäçe ýurtlara uly möçberde harytlar daşalýar.

Ýurdumyzyň ulag üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin döredilýän amatly şertleriň netijesinde, üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberleri ýylsaýyn artýar.

Related posts

Türkmen Ressamlar gözünden Türkiye

vepa

Tercüme hizmetinde “İmo”dan Yararlanma

vepa

Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putin bilen duşuşýar

Ata Watan Eserleri