DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy

4-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, ol ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi üçin döredilen gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy.

Saparyň dowamynda Raşid Meredow Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşdy we bolup geçen ýitgi sebäpli gynanjyny bildirdi.

Gynanç kitaby ilçihana bilen bir hatarda, Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde hem açyldy. Kitap 4-nji martda açylyp, 10-15 günüň dowamynda geljekler üçin açyk bolar.

Related posts

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Russiýada saparda bolar

Wladimir Putin 72 ýaşady

Türkmenistanyň ilçisi Russiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri