JEMGYÝET

Täze ýylyň şowhuny

“Täze ýyl” baýramy dünýäde iň şowhunly baýramçylyklaryň biri bolup, oňa ululy-kiçili hemmeler uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Täze ýyl baýramçylygyny giňden bellemek üçin birnäçe gün öňünden taýýarlanylyp başlanýar. Elbetde eziz Diýarymyzda hem Täze ýylyň ýaňy hem-de öwüşgini barha artýar.

Eýýäm kinokonsert zallarda Täze ýylyň şanyna şowhunly konsertler gurnalyp başlandy. Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän her bir binanyň we söwda merkezleriniň öňündäki meýdanlary Täze ýyl arçalary bezäp otyr. Aşgabat şäheri gijelerine has owadan keşbe eýe boldy. Çünki şaýollary, seýilgähler hem-de jemgyýetçilik ýerleri biri-birinden owadan çyralar bilen bezeldi.

Şu ýylyň 15-nji dekabrda Aşgabatdaky “Älem” medeni dynç alyş merkezindäki 40 metr belentlikdäki baş arçamyzyň hem yşyklarynyň ýakylmagy Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralaryny has-da belende galdyrdy.

Täze ýyl – bu sowgatlaryň baýramy. Ähli söwda merkezlerinde Täze ýylyň öňýanynda baýramçylyk sowgatlarynyň söwda satuwyny amala aşyrylyp başlandy. Goý, Täze 2020-nji ýyl rysgal bereketiň ýyly bolsun!

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady