JEMGYÝET

Türkmen-eýran welaýatara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi

Demirgazyk Horasan welaýatynyň Bojnurd şäherinde maýa goýum mümkinçilikleriniň milli maslahaty geçirildi. Maslahatda Eýranyň Wise-prezidenti Jafar Gaempanah, Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri, Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçisi, Mejlisiň deputatlary we beýleki resmi adamlar çykyş etdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ilçisi bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda welaýatara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda amala aşyrylýan ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti barada nygtadylar.

Mundan başga-da, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara forumyň many-mazmun taýdan ähmiýeti bellenildi.

 

Related posts

Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?

Ata Watan Eserleri

2 müň 100 tonnadan gowrak pile taýýarlandy

Türkmen alymlary köp gezeklik örtükleri dakynmagyň  peýdalaryny subut etdiler

Ata Watan Eserleri