DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Kioto şäherinde geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny (STS)» atly forumynyň 22-nji maslahatynyň işine gatnaşdy.

Maslahatyň işi resmi açylyş dabarasyndan, giriş çykyşlaryndan, plenar mejlisden we mowzuklaýyn sessiýalardan ybarat boldy.

STS forumynyň resmi açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan gelen ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşdy.

Agzalan maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ylym, tehnologiýa, innowasiýa we bilim ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen meseleler boýunça duşuşyklary we söhbetdeşlikleri geçirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär