DÜNÝÄ

Ankara şäherinde uly led ekranda Türkmenistan barada wideorolik

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşini beýan edýän wideorolikler Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň edara binasynyň öňündäki uly led ekranda ýerleşdirildi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň web saýtynda aýdylyşyna görä, bu rolikleriň yzygiderli görkezilmegi dowam etdirilýär. Led ekranyň ýerleşýän köçesi  Türkiýäniň birnäçe ministrlikleriniň binalarynyň ýerleşýän we Ankaranyň iň uly köçeleriniň biri bolup durýar.

Bu çäre Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşi, ýurdumyzyň bitaraplyk syýasaty, onuň durnuklylygy, howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmekdäki orny bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçlik berýär.

Şeýle hem şäheriň birnäçe ýerlerinde uly ekranlarda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy baradaky bannerler ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy