DÜNÝÄ

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow diplomatik işini tamamlan Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazlyýew bilen hem duşuşdy.

Dostlukly we ynanyşmak esasynda geçen duşuşykda Sergeý Lawrow türkmen ilçisini türkmen-rus  strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna täze ilçi hökmünde Esen Aýdogdyýewi belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar