MEDENIÝET

“Tatarstan respublikasy” gazetiniň baş redaktory Türkmenistanda akkreditasiýa edildi

Türkmenistanyň Baş konsullygynyň habar bermegine görä 2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly G.Garaýewa bilen “Tatarstan Respublikasy” gazetiniň baş redaktory A. Ugarowyň arasynda duşuşyk boldy.

Duşuşykda Güýç Garaýew Alekseý Ugarowa Türkmenistanda daşary ýurt habarçysy hökmünde akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy.

Soňra taraplar Türkmenistanyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryny Tatarstanyň metbugatynda, şol sanda “Tatarstan respublikasy” gazeti bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle hem iki ýurtdan habarçylarynyň arasynda tejribe alyşmagy guramak, žurnalistika bölümleriniň talyplary üçin onlaýn leksiýalary guramak, şeýle hem “Tatarstan respublikasy” gazetiniň we Türkmenistan gazetiniň arasynda şertnama baglaşmak barada pikir alyşdylar.

Alekseý Ugarow 1996-njy ýyldan bäri žurnalistika pudagynda işleýär. Tatarstan Respublikasynyň gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenmezinden ozal, “Tatar-habar” gullugynda baş redaktor wezipesini ýerine ýetiripdi. 2023-nji ýylyň iýunynda A.Ugarow “Tatarstan Respublikasy” gazetiniň baş redaktory wezipesine bellendi, esaslandyryjylary Döwlet Geňeşi we Tatarstan Respublikasynyň hökümeti.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy