JEMGYÝET

“Guşmy?, Uçarmy? Ýok, ol Kriştiano Ronaldo!

Italiýanyň milli çempionatynyň 17-nji tapgyrynda “Ýuwentus” topary bilen “Sampdoriýa” toparynyň arasyndaky futbol duşuşygy ýatdan çykmajak waka beslendi. Dünýäniň iň ökde futbolçylarynyň biri hasaplanýan “Ýuwentus” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştiano Ronaldonyň ýerden 71 santimetr ýokary galyp, 2,56 metr belentlikde kelle urgusy bilen geçiren goly hemmeleri haýran galdyrdy. Dünýäniň ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Ronaldonyň uzak wagtlap ýatda galjak bu goluny esasy temasyny öwürdi.

Bu duşuşykda “Ýuwentus” topary garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda “Ýuwentusa” ýeňiş getiren goly Ronaldo derweze geçirdi. Ol Italiýanyň milli çempionatynda 14 duşuşykda 10 gol geçirdi.

Related posts

Ýewro-2020: Angliýa hem finalda

Türkmenistan Bakanlar Kurulu Toplantısı

vepa

Aşgabat şäherinde ulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ata Watan Eserleri