JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri 10-njy iýunda duşuşar

10-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça bu ýurtda resmi saparda bolar. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Bu resmi sapar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 19-njy martynda döwlet baştutany wezipesine girişenden soňky ilkinji resmi daşary ýurt sapary bolar.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumyny, şeýle hem sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakyndaky Ähtnama gol çekiler.

 

Türkmenistan-Italiýa: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyly

Related posts

Hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlaýarys!

Güney Kore enerji devi, Aşkabat-2017 Oyunları’nın resmi sponsoru

vepa

Ispan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geler