JEMGYÝET

Döwletjan Ýagşymyradow ýene-de çempion!

Başa-baş göreş boýunça 30 ýaşly türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 14-nji dekabrda Sankt-Peterburgyň «Sibur Arena» sport toplumynda bolan tutluşykda russiýaly Alekseý Butorini ýeňip, çempionlyk guşagyny gorady. Bu tutluşyk ACA 103 ýaryşynyň çäginde geçirildi.

Ýarym agyr türgenleriň arasynda, 93 kilograma çenli agram derejesinde bolup geçen tutluşyk bäş döwden ybarat boldy. Eminleriň gelen karary bilen ACA-nyň ozalky çempiony, türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiji diýlip yglan edildi.

Şeýlelikde, biziň ildeşimiz iri halkara tutluşyklaryndaky 18-nji ýeňşini gazandy. 33 ýaşly Alekseý Butorin bolsa bassyr üç tutluşykdaky ýeňişden soňra asgyn geldi. Bu utulyş onuň iri halkara tutluşyklardaky dördünji utulyşydyr.

Ýeri gelende aýtsak, Döwletjan Ýagşymyradow ACA-da (Absolute Championship Akhmat) ýaryşýan we çempion bolan ilkinji türkmenistanly pälwandyr. Ildeşimiziň şu ýylyň 16-njy fewralynda Polşanyň Warşawa şäherinde  geçirilen tutluşykda ýerli türgen Karol Selinskini wagtyndan ozal ýeňip, çempion bolandygyny hem ýatladýarys.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy