JEMGYÝET

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyza sapar bilen gelen energetika ministri Abbas Ali Abadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammadreza Farzini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, häzirki wagtda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, maliýe-ykdysady, energetika, oba hojalyk, ulag we medeni-ynsanperwer ýaly ulgamlarda köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek hem-de iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde birnäçe möhüm energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär.

Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ekologiýa howpsuzlygyny nazara almak bilen amala aşyrylýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmäge we has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary hem-de teklipleri goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady