JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Bagdad Amreýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş Sekretary Bagdad Amreýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, hususan-da howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu ugurda Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň ýanyndaky halkara düzümleriň ençemesi, hususan hem Türki döwletleriň guramasynyň Parlament Assambleýasy, Türki Söwda-senagat edarasy, Türki medeniýetiniň we mirasynyň Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Guramanyň çäklerinde ulag we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de TDG-nyň Baş Sekretary türkmen tarapyny şu ýylyň noýabrynda Samarkand şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türki döwletleriň guramasynyň geljekki sammitine taýýarlygyň gidişi we gün tertibi bilen tanyşdyrdy.

Related posts

Atavatan Türkmenistan Gündemini İmo’dan takip edin

vepa

Türkmen-koreý gatnaşyklary sanlarda

Ata Watan Eserleri

Üçtaraplaýyn sammit: suw, energetika we ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy