JEMGYÝET

Türkmenistan Palestinanyň halkyna ynsanperwer kömegini berer

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Palestinanyň halky we ilkinji nobatda palestin çagalary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan   2023-nji ýylyň noýabr aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerinden, dokma hem-de azyk önümlerinden we beýleki harytlardan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Palestinanyň halkyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Related posts

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmen biologlary ýerli ösümliklerden krahmal alýarlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Sözleşmeler Hukuku alanında kitap yayınlandı

vepa