SPORT

Ronaldo 1,3 million dollarlyk sagat sowgat berildi

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynda çykyş edýän portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo bahasy 1,3 million dollarlyk sagat sowgat berildi. Sagadyň bahasy biir uçaryň bahasyna deňdir. 

Ronaldo bu gymmat bahaly sagady “Jakob” kompaniýasynyň eýesi Jeýkob Arabo berdi. 38 ýaşyndaky futbolçy seýrek duş gelnen sagady sowgat aldy. Şeýle sagatlaryň 18 sanysy öndürildi.

– Golaýda bolup, ýeke-täk Kristiano üçin 1,3 million dollarlyk sagady hut özüm gowşurmak kararyna geldim – diýip, Jeýkob Arabo belledi.

Portugal futbolçynyň janköýerler jemgyýetçilik torundaky teswirlerde sagadyň bahasynyň  uly bolmadyk uçaryň bahasyna deňdigini bellediler.

Ronaldo, ýyllyk girdejisi 136 million dollar bolan dünýäde iň köp girdeji gazanan türgen hökmünde sanawda durýar.

Related posts

“Borussiýa” täze futbolçy geler

Maýk Taýson süýji öndürýär

Ata Watan Eserleri

Messiniň ýene-de bir üstünligi