BIZNES

Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri daşary ýurtlaryň gümrük gulluklary we gümrük işi çygryndaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bolup durýar. Şoňa görä-de, goňşy we beýleki ýurtlaryň gümrük gulluklary, şeýle hem gümrük işi bilen baglanyşykly hereket edýän iri halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi sahypasynda bellenilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň şertnamalaýyn hukuk binýady 100-e golaý halkara şertnamalaryny öz içine alýar. 2021-nji ýylda onuň üsti ýene-de 3 sany halkara resminamalary bilen dolduryldy. Hususan-da, ikitaraplaýyn şertnamalar Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan we Gazagystan Respublikalarynyň gümrük gulluklary bilen baglanyşyldy.

2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy tarapyndan  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Resminama diplomatik ýollar arkaly – Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň üsti bilen gol çekildi.

Meýilnama hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek, iki ýurduň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumaty alyşmagy guramagy ýola goýmak, işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça özara hereketleri kesgitleýär.

 

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy sapar bilen çagyrdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler