DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Sauda we Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda, şeýle-de ýurduň ähli halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky hemişe ösdürilýän doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip nygtap, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda we Mirasdüşer Şazada Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz hatynda: “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň hem-de külli musulman ymmatynyň bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyzda we maksatlaryňyzda medet bersin!” diýip, arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar