SPORT

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Indoneziýa we Bahreýn bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Şeýlelikde, futbol boýunça milli ýygyndymyz 8-nji sentýabrda Surabaýa şäherinde Indoneziýanyň, 12-nji sentýabrda bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Bahreýniň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.

Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler düzümi ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek üçin ýygyndy toparymyza futbolçylaryň 23-sini çagyrdylar. Ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýän ýygyndy toparymyzyň oýunçylarynyň 9-sy “Arkadag” toparynda çykyş edýärler. Oýunçylaryň 6-sy “Ahal”, 5-si bolsa “Altyn Asyr” toparlaryna  wekilçilik edýärler. Gonkongyň “Kitçi”, Belarusyň “Energetik-BGU” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata” toparlaryndan bir oýunçydan ýygyndy toparymyzyň düzümine düşüpdir.

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrçasynda “E” toparça düşen Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşar. Bu toparçanyň dördünji wekili birinji saýlama tapgyrynda güýç synanyşjak Gonkonk bilen Butanyň milli ýygyndylaryň arasyndaky ýeňiji bolar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny 16-njy noýabrda Özbegistanyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer.

Ýene-de okaň

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady