SPORT

“PSŽ’ topary 13-nji gezek Fransiýanyň kubogyny aldy

Fransiýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. Onda ýurduň çempiony “PSŽ” topary bilen “Sent-Etýen” topary duşuşdy. “Stad de Frans” futbol meýdançasynda oýnalan duşuşykda Neýmaryň geçiren goly bilen “PSŽ” topary 13-nji gezek bu arzyly kubogy eýeledi.

Pariž şaheriniň futbol toparynyň bu taryhy ýeňşi olar üçin milli rekord hem bolup durýar. 13 gezek bu kuboga eýe bolan topar ýok. Diňe “Marsel” topary 10 gezek bu kubogy gazanmagy başardy.

Şeýle hem “PSŽ” topary ýurduň çempionlygy hem-de Fransiýanyň kubogyny gazanmak bilen 4-nji gezek goşa altyn medaly gazanmagy başardy.

“PSŽ” topary ýeňiş gazanandygyna garamazdan, esasy oýunçylarynyň birini ýitirdi. Kilian Mbappe duşuşygyň birinji ýarymynda şikes alyp, meýdançany terk etmeli boldy. “Sent-Etýen” toparynyň goragçysy Loik Perren bolsa Mbappeniň garşysyna gödek oýnandygy sebäpli gyzyl kart alyp, oýundan çykaryldy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy