SPORT

Russiýanyň küşt federasiýasy Aziýa küşt federasiýasyna goşular

Halkara Küşt federasiýasy (FIDE) Russiýanyň küşt federasiýasynyň Aziýanyň küşt federasiýasyna goşulmagy bilen baglanyşykly maglumat ýaýratdy.

Halkara Küşt federasiýasynyň geňeşi Russiýanyň küşt federasiýasynyň Aziýanyň küşt federasiýasyna goşulmagy bilen baglanyşykly ýüz tutmasy boýunça seljerme işini geçirip, ony tassyklady.

Indi nobat, Aziýanyň küşt federasiýasyndadyr. Bu federasiýanyň Baş Assambleýasynyň mejlisi 28-nji fewralda Abu-Dabi şäherinde geçiriler we şol mejlisde bu ýüz tutma boýunça çözgüt kabul ediler.

 

Related posts

Olimpiýa oýunlary üçin çykdajy 15,4 mlrd $

Türkmenistan «CAFA Futsal Cup-2023» halkara ýaryşyna gatnaşar

Tokio oýunlarynyň täze düzgünnamasy

Leave a Comment