Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň howandarlygynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 5-nji gezek Antalýa diplomatýa forumy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz doganlyk Türkiýe Respublikasynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Antalýa diplomatiýa forumyna işjeň gatnaşýar. 2024-nji ýylda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
2025-nji ýylda dördünji Antalýa diplomatiýa forumyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşypdy.
Üstümizdäki ýylda bu foruma 20 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary, 15 wise=prezident, 50-den gowrak ministr derejesinde wkeiliýetler gatnaşýar. Umuman, ADF 2026 forumyna 150 döwletden 5000-e golaý wekiliýet gatnaşýar.
75 halkara guramanyň wekilçilik edýän forumynda 40-dan gowrak dürli sessiýalar we plenar mejlisler geçirilip, onda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alny maslahatlaşylýar.
Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa foruma (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyçdyr.
