JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet V Antalýa diplomatýa forumyna gatnaşýar. V Antalýa diplomatýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşygy boldy.

Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň jemgyýetçilik torunda habar berilýär. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Antalýadaky ýokary wekilçilikli foruma 20 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary, 15 wise=prezident, 50-den gowrak ministr derejesinde wkeiliýetler gatnaşýar. Umuman, ADF 2026 forumyna 150 döwletden 5000-e golaý wekiliýet gatnaşýar.

75 halkara guramanyň wekilçilik edýän forumynda 40-dan gowrak dürli sessiýalar we plenar mejlisler geçirilip, onda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alny maslahatlaşylýar.

Türkmenistan döwletimiz doganlyk Türkiýe Respublikasynda yzygiderli geçirilýän Antalýa diplomatiýa forumyna işjeň gatnaşýar. 2024-nji ýylda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

2025-nji ýylda dördünji Antalýa diplomatiýa forumyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşypdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy