JEMGYÝET

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyry özleşdirmek maksady bilen, “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy döredildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan degişli Karara gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasynyň geçirilendigi barada hasabat berdi.

Bu taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek babatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän “Galkynyşgaz”  döwlet kärhanasy dörediler.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berlipdi.

Bu dabara “Ata Watan Media” topary hem gatnaşypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Moskwada beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti “Gadamly” gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlady

Putin Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlady

Türkmenbaşyda “Kenar” sorujy bekedi we suw süýjediji desga gurlar