PEÝDALY MASLAHAT

Türkmenistandan Koreýa Respublikasyna ýolagçylaryň dykgatyna!

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Aşgabat – Seul – Aşgabat ugurlary boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlaryndan peýdalanýan ýolagçylaryň dykgatyna ýetirmek üçin beýanat berdi.

Şol beýanatda Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça gatnawdan peýdalanjak ýolagçylaryň täze migrasiýa düzgüni bilen tanyş bolmagy habar berilýär.

Bu barada hususan-da şeýle diýilýär:

Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugynyň habar bermegine görä, Koreýa Respublikasyna girmegiň düzgünleriniň üýtgeýändigi we ýurda girmezden 3 gün öňünden sanly migrasiýa kartasynyň doldurylmalydygynyň zerurdygy (https://e-arrivalcard.go.kr) barada Size habar berýäris.
Has giňişleýin maglumaty Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugynyň web sahypasyndan: https://e-arrivalcard.go.kr alyp bilersiňiz.

Related posts

 Towuk bilen bişirilen badamjan

Ata Watan Eserleri

Awtoulagda halkara gatnawlaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň dykgatyna!

Amerika wizasynda täze mümkinçilik : Söhbetdeşlige gatnaşmazdan wizany täzelemek