MEDENIÝET

Türkmen kinosy halkara Turan kinofestiwalynda baýraga mynasyp boldy

Türkiýe Respublikasynyň Ege uniwersiteti tarapyndan 2-nji halkara Turan kinofestiwaly geçirildi. Şu ýylyň 3-6-njy maýy aralygynda geçirilen bu festiwala 80 döwletden 1675 kino hödürlendi.

Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kino baş müdirligi hem-de TÜRKSOÝ guramasy bilen bilelikde “Gyzyl alma” şygary bilen geçirilen kino festiwalda hödürlenen filmler boýunça şol ýurtlaryň birinji bolan çeper filmleri sylaglandy.

Türkmenistan döwletimizden hem bu halkara festiwala birnäçe filmler hödürlendi. Şolaryň hatarynda režissýor Hekim Alowowyň ýolbaşçylygynda surata düşürilen “Kitap” filmi birinji orny eýeledi.

Festiwalyň baýrak gowurylyş dabarasyna Ege uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Nejdet Budak. TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kino baş müdirliginiň başlygy Birol Güwen ýaly köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Bu kino festiwalyň emin agzalarynyň hatarynda hem Türkmenistanyň agzalaryna hem orun berildi. “Oguzhan” adyndkay Türkmenfilm birleşiginiň režissýorlaryndan Sahysalyh Baýramow festiwalyň emin agzasy boldy.

Şeýle hem bu festiwalda Özbegistan bilen Türkmenistanyň bilelikde surata düşüren türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşyny açyp görkezýän “Magtymguly Pyragy” filminiň režissýory Muzaffarhon Erkinov hem baýraga mynasyp boldy.

Şeýlelikde, doganlyk döwletleriň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, kino sungatynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bu kinofestiwalda Türkmenistanyň çeper filmlerine ýokary baha berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi