MEDENIÝET

Ýyldyzlar maşgalasyndaky täze uçgunjyk

«Atavatan-Türkmenistanda» «Bolliwuddan» ýene bir habar. Özi hem hoş habar.

Köp sanly hindi filmlerinde ýatdan çykmajak keşpleri döredip, ykbal birikdiren ýyldyzlar Saif Ali Han we Karina Kapur  ikinji gezek ata-ene boldular.

Dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, «Bolliwudyň» ýyldyz maşgalasyndaky ikinji perzent 21-nji fewralda dünýä indi.

«Ýaradan bizi eýýäm ikinji gezek ogul perzent bilen sylaglady. Karina we oguljygymyzyň saglygy gowy. Olaryň ikisi hem özüni gowy duýýar. Bize hoşniýetli dileglerini gönderen ähli muşdaklarymyza hoşallyk bildirýäris» diýip, Saif Ali Han sosial torlaryň birindäki sahypasynda ýazdy.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

«Mukam» skripkaçylar toparynyň Hytaýdaky üstünligi

Türkmenistan Koreýa Respublikasynda halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň teatr işgärleri Russiýada tejribe alyş okuw hepdeligine gatnaşdy

Türkmenistanly ýaş şahyrlar TÜRKSOÝ-yň baýragyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy üçin täze tehnikalar satyn alnar

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri