Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatyny ösdürmek, ulag we üstaşyr gatnawlaryny giňeltmek, energetika we söwda ulgamlaryndaky gatnaşyklary berkitmek, şeýle hem sebit we sebitara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow “X” sosial ulgamyndaky sahypasynda belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen üçtaraplaýyn duşuşyk Bakuwda geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça geňeşiň (CICA) 7-nji sammitiniň çäklerinde geçirildi.
«Biz umumy taryhymyza, özara ynama we umumy sebit bähbitlerimize esaslanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygymyzy tassykladyk» diýip, ol belledi.
Mundan başga-da, ministrler sebitde ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, ykdysady ösüşi gazanmak we durnuklylygy üpjün etmek üçin yzygiderli syýasy dialogyň, has ýakyn utgaşdyrmagyň we bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini nygtadylar.
