MEDENIÝET

Türkmenistanda “Azerbaýjan tagamlary we medeniýeti” atly çäre geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabatdaky “Mandarin” restoranynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan “Azerbaýjan tagamlary we medeniýeti” atly çäräni gurady. Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Oňa Türkmenistandaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem bu ýurtda ýaşaýan azerbaýjanlylar gatnaşdy.

Çärede Azerbaýjanyň milli aşhananyň tagamlary we süýjüleri hödürlendi. Azerbaýjanyň aýdym-saz sungatynyň sazlary ýaňlandy we tans çykyşlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem Azerbaýjana degişli gysga göwrümli wideolar görkezildi.

Şol bir wagtyň özünde, çärä Azerbaýjanyň taryhyny, medeniýetini we sungatyny görkezýän ýadygärlik gymmatlyklar görkezildi. Çäräniň çäginde Azerbaýjan bilen baglanyşykly bäsleşik geçirildi we ýeňijilere sowgat berildi.

Related posts

Türkmenistanyň sungat ussatlary Aktau şäherindäki dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň meýilnamasy

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi açyldy

Ata Watan Eserleri