BILIM

Türkiýe-Azerbaýjan uniwersiteti dörediler

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türkiýe-Azerbaýjan uniwersitetiniň döredilmegine degişli ylalaşyk gazanyldy. Bu ugurda degişli şertnama Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň golaýda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Erol Özwar bilen Azerbaýjanyň bilim ministri Emin Amrullaýewiň arasynda gol çekilen şertnama laýyklykda, bilelikdäki uniwersiteti açmak babatda degişli işler ýola goýuldy.

Iki ýurduň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarjak Türkiýe-Azerbaýjan uniwersitetinde saglygy goraýyş, inženerçilik hem-de häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary ugurlarynda bilim berler. Bu ugurlarda Türkiýäniň tejribesi ornaşdyrylar.

Şu ýylyň dowamynda işe başlajak bilelikdäki uniwersitetde her iki ýurduň ylmy-barlag mümkinçiliklerini bir ýere jemelemek meýilleşdirilýär.

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşligi tarapyndan abraýly türk uniwersitetleriniň hünärment, bakalawr hem-de magistr maksatnamalary Türkiýe-Azerbaýjan uniwersitetinde durmuşa ornaşdyrylar.

Ýene-de okaň

Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi

3000-den gowrak gazak talyby ABŞ-da bilim alýar

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi

Türkmenistan “THE Asia Universities Summit 2026” çäresine gatnaşýar

Aşgabatda Halkara hytaý dili güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň uniwersiteti bilen ylalaşyga gol çekişdi