SPORT

Messi ABŞ-nyň meşhur türgeni boldy

ABŞ-da ilkinji gezek bir futbolçy ýurduň iň mşehur türgeni boldy. Ol hem argentin ýyldyzy Lionel Messiniň paýyna düşdi.

“SSRS” kompaniýasynyň geçiren barlaglaryna görä, 2023-nji ýylyň tomsundan bäri ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparynyň düzüminde çykyş edýän Lionel Messi iň meşhur türgenleriň sanawynda birinji orny eýeledi. Kompaniýa 30 ýyldan bäri her aý iň meşhur türgeni saýlamak boýunça pikir soraşmalary geçirip gelýär we her çärýekde olary yglan edýär.

Messiniň ABŞ-nyň futbol çempionatyna geçmezden ozal, ABŞ-nyň iş meşhur türgenleriniň sanawynda Maýkl Jordan, Taýger Wuds, Peýton Menning, Kobe Braýant, Stefen Karri, Lebron Jeýms we Tom Bredi ýaly basketbolçy, golfçy ýa-da amerikan futbolynyň türgenleri birinji orny eýeläp gelýärdi.

Messi bolsa, 2023-nji ýylyň soňky çärýeginde iň meşhur türgen bolup, bu reýtingde öňe saýlanan ilkinji futbolçy boldy.

2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Tom Bredi, ikinji we üçünji çärýeginde Maýkl Jordan öňe saýlanypdy.

Messi Amerika gelmegi bilen “Inter Maýami” toparynyň janköýerleriniň sany 5 esse köpeldi. Şeýle hem bu topar ABŞ-da iň meşhur futbol toparlarynyň sanawynda “Barselona”, “Real” we “Mançester Ýunaýted” toparlaryndan soňra 4-nji orny eýeledi.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy