MEDENIÝET

Türkmenistanyň hem-de Eýranyň Syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Syýahatçylyk we amaly-haşam sungaty sergisiniň açylyş dabarasy, şeýle-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisiniň orunbasary Mahmud Sadegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Azady» syýahatçylyk kärhanasynyň syýahatçylyk bölüminiň başlygy Sylapberdi Ataýew, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň «ATI» syýahatçylyk kärhanasynyň baş müdiri Ali Daşti çykyş etdiler.

Dabara Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Myhmanlaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral hem bar.

Çykyş edenler iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada bellediler. Şeýle-de ýurtlaryň çäginde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň, owadan täsin ýerleriň bardygy nygtadylar.

— Häzirki wagtda syýahatçylyk pudagy bütin dünýäde möhüm pudaklaryň biri hasaplanýar. Syýahatçylyk pudagy ösüş guraly hökmünde döwletler bilen halklaryň, esasan hem Eýran bilen Türkmenistan ýaly medeni umumylygy bolan ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlykda we aragatnaşykda aýratyn orun eýeleýär – diýip, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisiniň orunbasary Mahmud Sadegi çykyşynda belläp geçdi.

Dabaranyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Samažine», «Hätän», «Daglar» aýdym-saz topary, şeýle-de ýurdumyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär