JEMGYÝET

Türkmenistanda açyljak elektrik stansiýasy Owganystana hem peýda getirer

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Edzima Kiýosini kabul etdi.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylan duşuşygyň barşynda Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda kuwwaty 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny gurmak boýunça taslamasynyň durmuşa geçirilmegi netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalynyň biridigi bellenilip geçildi.

Milli energetika ulgamynda wajyp ähmiýete eýe bolan bu desganyň ulanmaga berilmegi onuň kuwwatyny artdyrmaga güýçli itergi berer.

Täze desganyň işe girizilmegi diňe bir Türkmenistanyň däl, tutuş sebitiň abadançylygynyň ýokarlanmagyna, şol sanda Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etjekdigi bellenildi.

Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», şeýle hem Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde gurlan elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megawat bolan üç sany gazturbina gurnamalary işlär.

 

Ýaponiýanyň ministriniň Türkmenistana sapary

Related posts

Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň taslamalary hödürlendi

Ata Watan Eserleri

Yılın ilk açılışı: Türkmen Lider modern yaşam merkezini hizmete açtı

vepa

2023-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 19,4 milliard dollara ýetiriler