SPORT

“Barselonanyň” futbolçysy “Beşiktaşa” geçdi

Ispaniýanyň dünýä belli “Barselona” toparynyň bosniýaly futbolçysy Miralem Pýaniç Türkiýäniň “Beşiktaş” toparyna kärendesine berildi. Türk topary bu futbolça bir möwsüm üçin 2,75 million ýewro tölär.

“Beşiktaş” topary futbolçynyň zähmet hakynyň töleglerini öz üstüne alýandygy üçin “Barselona” toparyna kärende üçin töleg tölemeýär.

Bu möwsümde Pýaniç “Barselona” toparynyň düzüminde meýdança çykmady. Onuň şertnamasynyň möhleti 2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar. Pýanyiç “Barselona” toparyna 2020-nji ýylyň sentýabrynda Italiýanyň “Ýuwentus” toparyndan gelipdi.

Bu futbolçy bilen Russiýanyň “Zenit” hem-de SSKA toparlary hem gyzyklanypdy. UEFA-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etjek “Beşiktaş” topary bu ýaryşda üstünlikli çykyş etmek üçin toparynyň düzümini güýçlendirýär.

3-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Tokio-2020: Türkmenistan medally ýurtlaryň sanawynda

Ata Watan Eserleri

Aziýa Kubogy-2026: Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň garşydaşlary belli boldy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer