BIZNES

Türkmenistan-BAE: energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça ähtnama gol çekildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda boldy. Bu saparyň çäklerinde iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hususan-da, ýangyç -energetika, bank işi, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga degişli möhüm çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň, «Masdar», Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň we Abu-Dabiniň port kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň çäklerinde gatnaşyklaryň möhüm meseleleri bilen bir hatarda, maýa goýum, ýangyç-energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle-de port düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

Duşuşyklaryň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOС) arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Related posts

Hytaý awtoulag eksportynda rekord goýdy

Ata Watan Eserleri

Vergi Beyanname verme ve ödeme süreleri

vepa

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry

Leave a Comment