BIZNES

Türkmenistan-BAE: korrespondent hasabyny açarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda boldy. Bu saparyň çäklerinde iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hususan-da, ýangyç -energetika, bank işi, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga degişli möhüm çözgütler kabul edildi.

Bu saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary BAE-niň degişli ministrlikleridir kompaniýalarynda gepleşikler geçirdi.

Şoňa laýyklykda,  Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň (First Abu-Dhabi bank) arasynda korrespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri hem-de tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Bu ylalaşyga  Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň ýolbaşçysy Muhammed Saif Al Suwaidi gol çekdi.

Related posts

Aşgabatda halkara ulag forumy öz işine başlady

Türkmenistanda täze himiýa zawodlary gurlar

«Daewoo Engineering» kompaniýasy Türkmenabat şäherinde dökün öndürýän toplumy gurar

Leave a Comment