BIZNES

Donald Tramp sport aýakgaplarynyň önümçiligini ýola goýdy

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp “Trump Sneakers” ady bilen sport aýakgaplarynyň önümçiligini ýola goýdy. Trampyň ýolbaşçylygyndaky önümçiligindäki aýakgaplaryň ilkinji jübütleri Filadelfiýada geçirilen “Sneaker Con” sergisinde görkezildi.

“T” harpy şekillendirilen altynsow reňkdäki aýakgaplaryň bahasy 399 ABŞ-nyň dollaryna deňdir. Adaty sport aýakgaplary bolsa, 199 ABŞ-nyň dollaryndan satylýar.

Satylyp başlanan ilkinji gününde altynsow reňkdäki sport aýakgaplary internet saýty arkaly satylyp gutardy. Saýtyň habaryna görä, internet söwdasynda aýakgaplaryň 1000 jübüti satyldy.

Related posts

Türk şirketleri, Türkmenistan’da 1010 proje hayata geçirdi

vepa

Türkmenistan harytlaryň gelip çykýan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi gurlar