BIZNES

Türkmen-gazak we türkmen-özbek ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Göni wideo aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda ulag boýunça türkmen-özbek işçi toparyň nobatdaky gepleşikleri geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda, iki döwletiň arasynda awtoulag, demir ýol we gämi gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara multimodal gatnawlaryny has-da artdyrmak we ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem sanly wideo aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastruktura ösüş ministrliginiň Ulag komitetiniň wekilleriniň arasynda Awtomobil ulaglary boýunça türkmen-gazak garyşyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň dowamynda, iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara awtoulag gatnawlaryny has-da artdyrmak hem-de ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Belarus’dan Türkmenistan’a kamyon tedarik teklifi

vepa

Germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip edildi

Hormatly Prezidentimiz «Expo 2020 Dubai» Bütindünýä sergi­sine çagyryldy

Leave a Comment