BIZNES

Ýanwar aýynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 16,1 million dollara ýetdi

2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 16,1 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet statistika agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 16,1 million amerikan dollaryna barabar bolup, onuň 10,4 milliony Türkmenistanyň goňşy ýurda amala aşyran eksportynyň, 5,7 milliony bolsa Özbegistanyň eksportynyň paýyna düşýär.

Hasabat döwründe Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 42% ýokarlanypdyr. Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji bäşliginden

Russiýa Federasiýasy (688,4 million amerikan dollary), Hytaý (544 million amerikan dollary), Germaniýa (496,6 million amerikan dollary), Gazagystan (333,5 million amerikan dollary) we Türkiýe (261,7 million amerikan dollary) orun alypdyr.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar