BIZNES

«Halkbank terminal» boýunça ýedi aýda 1,3 million manatlyk söwda edildi

Geçen ýylyň awgust aýynda ornaşdyrylandygyna garamazdan, 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýyna görä, Türkmenistanda «Halkbank terminal» mobil ulgamy arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň mukdary 1,3 million manatdan geçdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ornaşdyrylan «Halkbank terminal» hyzmaty döwrebap, ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda taýýarlanan, nagt däl hasaplaşyklarda ulanylýan adaty töleg terminalynyň ornuny tutýan mobil programma üpjünçiligi bolup durýar. Bu hyzmat söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallarynyň eýeleriniň öz müşderilerine sanly ulgamda hyzmatlary ýerine ýetirmegi üçin döredilýän ýene bir mümkinçilikdir.

«Halkbank terminal» mobil ulgamy ykjam telefona gurnamak bilen, harytlardyr hyzmatlar üçin tölegleri kabul etmek, amaly ýatyrmak ýa-da yzyna gaýtarmak, kassany ýapmak we söwdanyň jemi möçberini çykaryp görkezmek, amallaryň taryhyny görmek ýaly hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Satyn alnan harydyň ýa-da hyzmatyň bahasy ykjam telefonyňyzda ornaşdyrylan «Halkbank terminal» mobil ulgamy arkaly girizilýär hem-de bank karty arkaly galtaşyksyz usulda töleg geçirilýär.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/21-nji-mart-halkara-nowruz-guni/

Ýene-de okaň

Baku Energetika hepdeligi: 8 milliard dollarlyk şertnamalara we ylalaşyklara gol çekildi

Türkmenistan “GREEN EXPO 2027” sergisine taýýarlyk görýär

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär