BIZNES

Osaka şäherinde türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Milli pawilýonynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň geçirilmegi, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegi we täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.

Maslahatyň esasy maksady, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, söwda we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, ýokary tehnologiýalar we innowasiýa ulgamlary boýunça özara teklipleri we çözgütleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şeýle hem, ýapon işewürleri üçin türkmen bazarynda täze mümkinçilikleriň açylmagy, Türkmenistanyň işewürlerine bolsa ýapon tehnologiýalaryndan peýdalanmak we täze innowasion taslamalaryň üstünde işlemek üçin mümkinçilikler barada pikir alyşyldy.

Gepleşikler, söwda, sanly ykdysadyýet, innowasiýa, energetika we ulag ulgamlary boýunça işewürleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.

Işewürler maslahaty diňe iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi üçin däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi üçin möhüm ädimdir.

Ýene-de okaň

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köptaraply ösüşiň täze derejesine çykýar

Türkmen işewürleri Londonda iş saparynda bolarlar

Ministr: häzirki ýagdaýlar-täze energiýa ugurlaryny kemala getirmek üçin pursatdyr

Baýramalydaky dokma toplumynda ýüň ýüplügini öndürmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda oba hojalyk öndürijilerine maliýe goldawy berler